Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda
«Bagtymyzyň çyragy» atly kitap sergisi açyldy.
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan bu sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan kitaplar,
Türkmenistana Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlen gününden bäri alnyp
barylýan döwlet syýasatyny açyp görkezýän neşirler goýuldy. Şonuň ýaly-da, bu
ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen we Türkmenistan
bilen halkara guramalarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
miweleri barada gürrüň berýän makalalaryň uly toplumy goýulypdyr.
Kitaphananyň okyjylary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň hem-de
maddy däl mirasynyň Sanawlaryna girizlen milli gymmatlyklar barada hem
maglumatlary alyp bilýärler. Türkmenistanyň iri halkara guramalarynda öňe
sürýän başlangyçlary, olaryň düýä bileleşiginde tapýan goldawy, Bitaraplyk
hukuk derejesine daýanyp, beýleki döwletler bilen alyp barýan özara bähbitli
hyzmatdaşlygy, onuň berýän netijeleri hakyndaky maglumatlar hem
ýerleşdirilipdir.
Farap şäheriniň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlary we
okuwçylary? Kitaphananyň işjeň okyjylar serginiň ilkinji myhmanlary boldular.
Farap şäher kitaphanasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi guraldy

09
Dec