Farap şäher kitaphanasy çagalar baglarynda çäre geçirýär
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynyň işgärleri etrabyň çagalar bakja-baglarynda bolup, körpeleri ertekiler, çagalar üçin ýazylan goşgular bilen tanyşdyrýarlar.
Kitaphanaçy Saýýara Röwşenowanyň aýtmagyna görä, kitaphanaçylar ýanlary bilen türkmen halk ertekileri, çagalar üçin niýetlenip ýazylan goşgular çap edilen kitaplary alyp, körpelere okap berýärler, suratlaryň esasynda gürrüňdeşlik geçirýärler. Soňra olar bilen kiçijik söhbetdeşlik geçirip, olaryň haýsy ertekileri, goşgulary gowy bilýändiklerini ýüze çykarýarlar. Çagalaryň arasynda bu eserleri ýatdan aýtmak boýunça bäsleşikleri guraýarlar. Terbiýeçiler bilen bilelikde guralýan şeýle çäreler körpelerde uly gyzyklanma döredýär.