YKDYSADYÝET

Farap gümrük nokadyndan her gün 1000 ulag geçer

Ýakyn wagtda «Farapawtoýollary» gümrük nokadynyň bir gije-gündiziň dowamyndaky geçirijiligi 1000 awtoulaga çenli ýetiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş duşuşygynda aýdyldy.

Taraplar Türkmenistanyň «Farapawtoýollary», Özbegistanyň «Alat» gümrük nokatlarynyň arasyndaky sazlaşygy has kämilleşdirip, olaryň ulag geçirijiligini ýokarlandyrmagyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki döwletiň ulag-üstaşyr ýük geçirijiliginde bu serhet geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek, bu ýerden geçirilýän ulag serişdeleriniň sanyny köpeltmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmen tarapy ýük geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, «Farapawtoýollary» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işlerine girişdi. Munuň özi gümrük nokadynyň geçirijilik ukybynyň günde 1000 awtoulag serişdesine ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: