Farap etrap merkezi kitaphanasynda türkmen klassyk şahyry Nurmuhammet Andalybyň döredijiligine bagyşlanan sergi guraldy.
Onda şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary aýratyn orun eýeleýär. Şonuň ýaly-da, onuň türkmen edebiýatyny öwreniji alymlaryň onuň döredijiligine bagyşlap ýazan monografiýalary, makalalary hem goýuldy. Bu ýerde görkezilýän kitaplar, gazetlerde we žurnallarda çap edilen makalalar türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran Nurmuhammet Andalybyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär. Olar orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary, ýokary synp okuwçylary üçin gollanma bolup hyzmat ederler.
Kitaphananyň işjeň okyjylary, Farap şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular.
Farap etrap merkezi kitaphanasynda Nurmuhammet Andalybyň döredijiligine bagyşlanan sergi guraldy
25
Nov
