- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Farap etrap alyjylar jemgyýeti «2019-njy ýylyň iň oňat kärhanasy» diýlip yglan edildi

«Lebap» söwda we dynç alyş merkeziniň adybir toý mekanynda «2019-njy ýylyň iň oňat kärhanasy» bäsleşiginiň jemi jemlenildi we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň we Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikde yglan eden bäsleşiginde Lebap welaýatynyň söwda ulgamyna degişli edaralaryň, kärhanalaryň, önümçilikleriň, dükanlaryň işine toplumlaýyn baha berildi. Onda Farap etrap alyjylar jemgyýeti birinji orna mynasyp boldy. Çärjew etrap alyjylar jemgyýeti we welaýat alyjylar jemgyýetleriniň kooperatiw daşary söwda kärhanasynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän guşçulyk toplumy ikinji, Türkmenabat şäheriniň merkezi bazary we Kerki etrap alyjylar jemgyýeti üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşige gatnaşanlaryň işine birnäçe ugurlar boýunça baha berildi. Ýörite düzülen toparyň agzalary iki aý töweregi wagtyň dowamynda edaralaryň, kärhanalaryň, önümçilikleriň, dükanlaryň haryt dolanyşygyny, önümçilik mukdaryny we maliýe görkezijilerini, edaranyň arassaçylyk ýagdaýyny, ortaça düşewüntliligini, dükanlaryň haryt bolçulygyny we olarda jemgyýetçilik iýmitiniň guralyşyny hem-de beýleki görkezijilerini öwrendiler hem-de seljerdiler.

Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.