Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly kitap sergisi açyldy.
2026-njy ýyla bagyşlanan bu sergide ýurdumyzyň soňky ýyllarda gazananlaryny açyp görkezýän, ahalteke bedewlerine bagyşlanan neşirler goýuldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan kitaplar aýratyn orun eýeleýärler. Bu eserlerde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, olaryň berýän miweleri, ykdysadyýetde we medeni-durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Şonuň ýaly-da, okyjylar türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň dikeldilişi, şol sanda ahalteke bedewleri barada gymmatly materiallary alyp bilerler.
Kitaphananyň işjeň okyjylary kitap sergisini ilkinjileriň hatarynda synladylar. Kitaphanaçylar olara sergidiň maksady, onda goýulan kitaplar barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynda ýyla bagyşlanan sergi işläp başlady
05
Jan
