YKDYSADYÝET

Farap etrabynda ýeralma, sogan we sarymsak ekmek üçin ýer taýýarlanylýar

Farap etrabynda ýeralma, sogan we sarymsak ekmek üçin 200 gektar ýer taýýarlanylýar. Öňümizdäki baharyň bosagasynda şunça ýeriň 100 gektaryna sogan, 80 gektaryna ýeralma, 20 gektaryna bolsa sarymsak ekiler.

Möhüm azyklyk ekinleri ekmek we hasyl almak işine etrabyň «Watan», «Dostluk», «Şatlyk», «Lebap» we «Türkmenistan» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri gatnaşar. Has takygy, şu ýyl «Watan» hem-de «Dostluk» daýhan birleşikleriniň her birinde 15, «Şatlyk» daýhan birleşiginde bolsa 50 gektar ýere ýeralma ekiler. Soganly meýdanlaryň 50 gektary «Watan», 40 gektary «Dostluk», galan 10 gektary bolsa «Türkmenistan» daýhan birleşigine degişli bolar. Sarymsak ekmek üçin «Lebap», «Watan», «Dostluk» we «Şatlyk» daýhan birleşikleriniň her birinden 5 gektar ýer bölünip berildi.

Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: