YKDYSADYÝET

Farap etrabynda täze döwrebap söwda bazary gurlar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazaryny gurmak baradaky teklibi makullady. Häzirki wagtda welaýat boýunça söwda we jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynyň 860-sy hereket edip, ilaty gündelik sarp edilýän harytlar bilen üpjün edýär.
Şeýle-de, sebitde hususy ulgama degişli 12 sany täze önümçilik kärhanasynyň işe girizilmegi we 300-den gowrak täze iş ornunyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi bilen, elektron söwda we eltip bermek hyzmatlarynyň gerimi hem barha giňeýär.