«Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň geçiriş mümkinçilikleri artdyrylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, iş duşuşygynyň maksady
«Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynda ýüze çykyp biljek soraglary we meseleleri dessin çözmek maksady bilen jogapkär wekilleriň bellenilmegi boýunça ylalaşdylar.
Şeýle hem gazanylan ylalaşyklaryň hatarynda gümrük nokatlarynyň çäginde bilelikdäki iş duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de Türkmenistanda geçen ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizilen deslapdan deklarirleme mümkinçiliginden Özbegistanyň Daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň peýdalanmagy üçin tanyşdyryş işleriniň geçirilmegi bar.