TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalary açylyp, ulanmaga berildi

Şu gün ― 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda durky
düýpli täzelenen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol
gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze
binalary we desgalary açylyp ulanylmaga berildi.
Dabara Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we harby gullukçylary, il-sylagly ýaşulular, Mejlisiň deputatlary, medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Bu ýerde edilen çykyşlarda Döwlet gümrük gullugynyň düzümleriniň maddy-
enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň iş we
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygy «Türkmenistanyň
gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 ― 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde gümrük nokatlarynyň has-da döwrebaplaşdyrylyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýandygy uly buýsanç bilen beýan edildi.
Soňra dabarada Döwlet gümrük gullugynyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň
«Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: