SYÝASAT

«Farap awtoýollary» gümrük nokadynda Port gözegçilik topary açyldy

 2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Neşe neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň hem-de Bütündünýä gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Ählumumy Maksatnamasynyň» çäklerinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda Port gözegçilik toparynyň açylyş dabarasy geçirildi, diýip, «customs.gov.tm» habar berýär. 

Dabara wideoaragtanaşyk arkaly BMG-niň Neşe neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň sebitleýin wekili hanym Aşita Mittalyň ýolbşçylygynda bu Müdirligiň wekilleri, hemaýatçy halkara guramalaryň wekilleri, Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary U.Kodirow, «Alýat» gümrük nokadynyň Port gözegçilik toparynyň agzalary (Özbegistan Respublikasy), Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýew gatnaşdylar.

D.Baýrýewiň gutlag çykyşynda belläp geçişi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Neşe neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň arasyndaky köp ýyllyk we önjeýli hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Şeýle Port gözegçilik toparlarynyň ozal hem Aşgabat şäherindäki Merkezi gümrük terminalynda we Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunda döredilendigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: