Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrylýar, halkara ulag geçelgeleriniň geçirijilik kuwwaty yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bu giň gerimli işleriň möhüm ugurlarynyň biri hem gümrük edaralarynyň işini kämilleşdirmek, serhetýaka gümrük nokatlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak bilen baglydyr. Şu nukdaýnazardan türkmen-özbek döwlet serhedinde ýerleşýän «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan halkara ulag-logistika ulgamyny ösdürmek baradaky başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanyşa berilmegi, şeýle hem täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine goýberilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Şeýle giň gerimli taslamalar Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletimiziň söwda-haryt dolanyşygynyň artmagynda, halkara ýük gatnawlarynyň tizleşdirilmeginde gümrük edaralarynyň netijeli işi möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, Döwlet gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzda halkara ulag geçelgeleriniň ugrundaky gümrük nokatlary tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Şol işleriň çäklerinde «Farap awtoýollary» gümrük nokady doly döwrebaplaşdyrylyp, onuň hyzmat mümkinçiligi giňeldildi.
Gümrük nokadyna awtoulag serişdeleri giren pursadyndan başlap, gümrük barlaglaryny we resmileşdirmelerini sanly ulgam arkaly amala aşyrmak üçin zerur şertler döredildi. Bu ýerde awtomatlaşdyrylan tereziler ornaşdyryldy. Ulag serişdeleriniň belgileri sanly ulgamda hasaba alnyp, ýükleriň agramy elektron görnüşde ölçenilýär we degişli maglumatlar gözegçilik bassyrmalaryndaky elektron monitorlara geçirilýär. Gözegçilik bassyrmalarynyň giňeldilmegi, olaryň häzirki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi gümrük amallarynyň tiz we ygtybarly ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.
Döwrebap rentgen-barlag enjamlary gümrük barlaglaryny ýüke galtaşmazdan, awtomatlaşdyrylan görnüşde geçirmäge şert döredýär. Munuň özi barlag üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga, hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga we halkara daşaýjylar üçin amatly şertleri üpjün etmäge ýardam edýär. Şeýle tehniki mümkinçilikler gümrük gözegçiliginiň takyklygyny, tizligini we netijeliligini has-da artdyrýar.
Ýurdumyzda diňe «Farap awtoýollary» däl, eýsem beýleki serhetýaka gümrük nokatlary hem döwrebaplaşdyrylýar. «Sarahs demir ýollary» we «Akýaýla» gümrük nokatlarynda demir ýol wagonlaryny barlaýan täze rentgen enjamlary oturdyldy. «Garabogaz» hem-de «Artyk» gümrük nokatlarynyň çäkleri giňeldilip, olaryň umumy awtoulag geçirijilik kuwwaty öňküsinden iki essä çenli ýokarlandyryldy. Bu nokatlarda gözegçilik-seljeriş otaglary döredilip, olar Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda hereket edýän gözegçilik-seljeriş merkezi bilen birikdirildi.
Serhetýaka gümrük nokatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda gümrük amallaryna sarp edilýän wagt ep-esli azaldy. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň geçiren seljermelerine laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanda gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegi üçin sarp edilýän wagt sebit boýunça iň gysga wagt hökmünde hasaba alyndy. Bu görkeziji ýurdumyzda sanly ulgamyň, döwrebap tehniki serişdeleriň we kämil gümrük infrastrukturasynyň netijeli ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
«Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň döwrebaplaşdyrylmagy Lebap welaýatynyň halkara ulag-logistika ulgamyndaky ornuny hem has-da berkidýär. Bu nokadyň üsti bilen halkara ýük gatnawlarynyň bökdençsiz amala aşyrylmagy, awtoulaglaryň serhetden tiz geçmegi, daşary söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi üçin amatly şertler döredilýär. Şeýle işler ýurdumyzy sebitde möhüm ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Myrat ALLABERDIÝEW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

