TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Farap awtoýollary» ― geçen ýylyň iň gowy gümrük nokady

Lebap welaýat gümrükhanasynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokady 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça «Ýylyň gümrük nokady» diýlip atlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, bu nokadyň durky doly täzelenilip, has giňeldilen mümkinçilikler bilen geçen ýyl açylyp, ulanylmaga berildi. Häzir bu ýerde ýük awtoulaglarynyň her gije-gündizde 1000-sine hyzmat etmäge mümkinçilikler bar.
Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda geçirilen dabarada bu nokadyň harby gullukçylaryna ýörite nyşan gowşuryldy. Şeýle hem dabaranyň çäklerinde «Göreldeli gümrük işgäri» atly bäsleşigiň hem ýeňijileri yglan edildi. Olaryň arasynda-da Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: