Ýakyn geljekde Farap ― Olot sebitinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhetýaka söwda zolagy dörediler. Bu barada goňşy döwletiň Baştutany «Şabat ― Daşoguz» zolagynyň açylyş dabarasynda aýtdy.
«Soňky ýyllarda özara söwda dolanyşygy ep-esli artdy. Şunda «Şabat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyna aýratyn orun degişlidir. Şu gün biz hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ony işe girizmek dabarasyna gatnaşdyk. Biz bu tejribäni beýleki serhetýaka sebitlerde, ilkinji nobatda, Olot — Farap sebitinde durmuşa geçirmegi maksat edinýäris” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýle-de ol gepleşiklerde energetika meselesine aýratyn üns berlendigini, taraplaryň elektrik energiýasyny ibermekde we üstaşyr geçirmekde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, iki ýurduň çäginde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklandyklaryny belledi.
Farap ― Olot sebitinde hem serhetýaka söwda zolagy dörediler
18
Nov
