Farap etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň ikisi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan himiýa dersi boýunça geçirilen ders bäsleşiginde birinji orny eýeledi. Has takygy, 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda Altyn Nurmatjanowa iň ýokary görkezijä eýe bolan bolsa, 12-nji synplaryň arasynda Güneş Ramanowa Aşgabat şäherinden we Mary welaýatyndan gatnaşan zehinli bäsdeşleriniň ikisi bilen birinji orny paýlaşdy.
Bäsleşikde Lebap welaýatynyň dürli etrap-şäherlerinden gatnaşan okuwçylaryň başga-da köp sanlysy ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Has takygy, netijeler boýunça ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli ýaşlaryň 36-sy baýrakly orunlara düşdi.
Farabyň bir mekdebinden iki ýeňiji
29
Apr

