DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Facebook» her aýda peýdalanyjylaryň sanynyň ýedi göterim artandygyny habar berýär

«Facebook» sosial setinden peýdalanyjylaryň hiç bolmanda, aýda bir gezek platforma girýänleriniň sany bütin dünýäde 2,9 milliarddan geçdi. Muňa sosial set degişli ady bir kompaniýanyň ikinji çärýek boýunça çap eden korporatiw hasabaty şaýatlyk edýär, diýip «ТАСС» ýazýar. Resminamalardan görnüşi ýaly, 30-njy iýunda tamamlanan üç aýlyk döwrüň netijeleri boýunça 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 7% artypdyr.  Ondan başga-da, 2021-nji ýylyň iýunynda 1,91 milliard adam hiç bolmanda günde bir gezek «Facebook»-dan peýdalanypdyr. Bu görkeziji hem 2020-nji ýylyň ikinji çärýegine garanda, 7% göterilipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: