BIZE YAZYARLAR

EZIZ WATAN

Eziz watan, sen ýaşaýşyň gözbaşy

Sen bilen başlanýar, sözleriň başy

Saňa tagzym edýär, uly, ýaş, kiçi

Gülle watan, Arkadagly Serdarly

 

Watanymyň mert oguly, gyzy bar

Olar üçin açyk ähli gapylar

Diňe öňe, diňe öňe barylar

Gülle watan, Arkadagly Serdarly

 

Beýle gözel ýürdy entek görmedim

Topragymy altyn diýip garbadym

Watan diýip urýar meniň gursagym

Gülle watan, Arkadagly Serdarly

 Selbi Imamowa

 Lebap welaýat ýörite sungat     mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň I-ýyl talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: