BIZE YAZYARLAR

EZIZ DIÝAR

Watan sözi mukaddesdir biz üçin,
Kalbynda mydama ulynyň, kiçiň,
Halal çörek iýýär bizde her kişi,
Eziz Diýar, Türkmenistan Watanym.

Watannama öwrülýär meniň goşgym,
Ata-ene bolup gujagyň açdyň,
Taryp etsem, mydama göwnüm hoşdur,
Eziz Diýar, Türkmenistan Watanym.

Bagt gözlänler, meniň ýurduma geliň,
Garşy alar dört pasyl elwan gülüm,
Myhmansöýer, erkana türkmen ilim,
Eziz Diýar, Türkmenistan Watanym.

Seň goýnuňda erkana ýaşaýaryn,
Türkmendigme mydama buýsanýaryn,
Sen hakynda joşup aýdym aýdýaryn,
Eziz Diýar, Türkmenistan Watanym.

Garaşsyz, Bitarap Watanym meniň,
Säher saçýar ýakymly nury günüň,
Seýran etseň göteriler göwünüň,
Eziz Diýar, Türkmenistan Watanym.

Maksat myradyňa ýetilýär mydam,
Öňe tarap urýarys batly gadam,
Arkadagly Serdarmyz berýär ýardam,
Eziz Diýar, Türkmenistan Watanym.

Kalbyň joşgunundan döreýär mukam,
Rowaçlyga beslenýär gözel ülkäm,
Parahatlyk, dost-doganlyk elmydam,
Eziz Diýar, Türkmenistan Watanym.

Zähmetden tapýarys bagt paýymyz,
Şatlyk-şowhun dolýar günler, aýymyz,
Aýdym-sazda bolmaz deňi-taýymyz,
Eziz Diýar, Türkmenistan Watanym.

Selbi IMAMOWA,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň IV-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Prezidentiniň” talyp hakynyň eýesi.