YKDYSADYÝET

«Eýýam» hususy kärhanasynyň önümlerini eksporta ugradýar

«Eýýam» hususy kärhanasynyň önümleriniň ilkinji tapgyrynyň Özbegistan Respublikasyna ugradylmagy üçin eksport amallary ýerine ýetirilýär. Bu barada «Rysgal» gazeti şeýle habar berýär:

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu kärhanada metaldan şkaflar, çykyş gapylar, howpsuzlyk gutusy, tekjeler (stellažlar) we elektriki paneller öndürilýär. Önümçilikde esasy çig mal hökmünde bolsa sowuk saralan demir ulanylýar. Bu ýerde her ýylda metal gapylaryň 20 müňüsini, elektrik we tehniki panelleriň 30 müňüsini, tekjeleriň 25 müňüsini, şkaflaryň 15 müňüsini öndürmäge mümkinçilik bar.

Ýokary hil esasy talap bolup, kärhanada önümleriň her biriniň hiline barlag bölüminde berk gözegçilik edilýär. Kärhana halkara «Sсhneider Electric» kompaniýasynyň resmi hyzmatdaşy bolup durýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: