Eýranly türkmen futbolçy, hüjümçi Serdar Azmun ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda çykyş etjek Eýranyň milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümine girizilmedi. Halkara habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, 26 futbolçydan ybarat düzümde tejribeli hüjümçiniň ady ýok.
Kazanyň «Rubin», Rostowyň «Rostow», Sankt-Peterburgyň «Zenit», Germaniýanyň «Baýer» hem-de Italiýanyň «Roma» toparlarynda çykyş eden Serdar Azmun Eýranyň milli ýygyndysynyň öňki esasy futbolçylarynyň biri hasaplanýardy. Ol 2025-nji ýylyň martyndan bäri milli ýygynda çagyrylmandy, şeýle hem dünýä çempionaty üçin öňünden yglan edilen giňeldilen düzümden hem orun almady.
Käbir habar serişdeleri Azmunyň düzümden daşda galmagyny onuň sosial media işjeňligi we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri bilen düşen suratlary bilen baglanyşdyrýarlar. ESPN-iň maglumatynda hem onuň mart aýynda milli ýygyndydan çykarylandygy we munuň sosial media ýazgysy bilen bagly bolup biljekdigi bellenilýär.
Azmunyň özi bolsa sosial media sahypalarynda Eýranyň onuň ýüreginde we buýsanjynda galýandygyny aýdyp, milli ýygynda Dünýä çempionatynda üstünlik arzuw etdi. 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda geçiriler. Eýranyň milli ýygyndysy G toparçada Täze Zelandiýa, Belgiýa we Müsür bilen duşuşar.
Eýranly türkmen Dünýä çempionatyna gatnaşmaz
03
Jun

