JEMGYÝET

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde surat sergisi açyldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň 43 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy, diýip «business.com.tm» ýazýar.

Merkeziň başlygy Nawid Rasuliniň aýtmagyna görä, bu serginiň esasy maksady Türkmenistanly ýaşaýjylary Yslam Rewolýusiýasyndan soňky Eýranyň şu wagta çenli ýeten uly sepgitleri we ylmy-gözleg üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Sergi ähli isleg bildirýänler üçin açyk bolup, 2022-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli dowam eder.

Eýranda 1979-njy ýyldaky Yslam Rewolýusiýasy diňe Ýakyn Gündogar sebiti üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin möhüm taryhy ähmiýete eýe bolan 20-nji asyryň iň möhüm wakalarynyň biridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: