DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Eýfel diňindäki dünýä rekordy

 Fransiýaly sportçy zenan Anuk Garnýe diňe elleriniň kömegi bilen Eýfel diňiniň ikinji gatyna, 110 metr belentlige urgan bilen çykyp, bu ugurdan dünýä rekordyny goýmagy başardy. 34 ýaşly türgene bir ýyllyk türgenleşikden soňra täze rekord goýmak üçin 18 minut wagt ýeterlik boldy.

 Ol baş maksadynyň rekord goýmak däl-de, düwnük keseline garşy ligasy üçin serişde toplamakdygyny aýdýar. Päsgelçiliklerden ylgap geçmek boýunça iki gezek dünýäniň çempiony bolan Anuk Garnýeden öňki dünýä rekordy günorta afrikaly türgen Tomas Wan Tondera degişlidi.

 Ol 2020-nji ýylda Soueto diňiniň 90 metr belentligine urgan arkaly dyrmaşyp çykypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: