YKDYSADYÝET

Etrap boýunça her gün ýüz gektardan gowrak ýerde ekiş geçirilýär

Bu işjeňlik Garagum etrabynyň gant şugundyryny ýetişdirýän hasyl ussatlaryna degişlidir. Olar üstümizdäki ýylda etrap boýunça bäş müň gektara gant şugundyryny ekmegi meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we beýleki hünärmenleriň birleşen tagallasy bilen etrapda ekiş gyzgalaňly dowam edýär. Etrabyň daýhanlary gant şugundyrynyň öz topragymyzda ýetişdirilen hem-de daşary döwletlerden getirilen tohumlaryndan ýerlikli peýdalanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: