2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda welaýatda 26,7 müň tonna et (diri agramda) öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,6 müň tonna köp bolup, ösüş depgini 2,3 göterime barabar boldy.
Maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan döwlet goldawy, täze fermalaryň döredilmegi hem-de mallaryň baş sanynyň artmagy et önümçiliginiň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle ösüş ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.
Et önümçiliginiň möçberi ýokarlanýar
14
Mar

