BIZE YAZYARLAR

Essalawmaleýkim, suw aga…

Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň şygyrlarynda, halk döredijilik
eserlerinde «suw, deňiz, derýa, umman, bahr, guduk, kenar» ýaly suw hojalygy,
suwaryş desgalary, suw howdanlary bilen baglanyşykly sözler duş gelýär. Bu
sözler arkaly halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetini göz öňüne getirip bolýar. Emeli
ýol bilen akaba gazdyryp suw çekmek, käriz, guýy gazmak, gar, ýagyş suwlaryny
ýygnap, ekin meýdanlaryny suwarmak türkmenlerde gadymdan gelýän ýörelgedir.
Nesiminiň: «Janyňy derýa atma, göwheri-umman üçin», Nesiminiň: «Ýusup bilen
bir gudukda ýyglar erdim ýar-ýar», Hoja Ahmet Ýasawynyň: «Pir golundan suw
içgen hak nuruga batdy-ýa», Magtymguly Pyragynyň: «Suw gadyryn balyk biler»
Muhammeti Babyryň: «Gözümiň ýaşyny derýa kylyp sen» ýaly goşgy setirlerinde
suw bilen baglanyşykly sözler ulanylypdyr. Nusgawy şahyrlarymyzyň
döredijiliginde suwuň kenary bilen baglanyşykly setirler hem gabat gelýär.
«Türkmen diliniň sözlüginde» suwuň ýer bilen çäkleşýän ýerine, deňziň, derýanyň
erňegine, gyrasyna, ýakasyna, boýuna «kenar» diýilýänligi beýan edilýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde:
«Malyn taşlap geldi, çopan, çoluklar,
Kenara çykdylar suwdan balyklar» diýen setirler bar.
Adamlar suwuň başyna baranlarynda: «Essalawmaleýkim, suw aga, el-ýüzümi
ýuw, aga!» diýip, suwa hormat edipdirler.
Halkymyzyň arasynda giňden suw bilen baglanyşykly «Suw getiren hem bir, küýze
döwen hem», «At aýlanyp gazygyny tapar, suw aýlanyp ýarygyny», «Suw akar,
daş galar» ýaly nakyllar bar. Türkmen dil bilimindäki durnukly söz düzümlerinde
hem ady agzalan sözüň ulanylmagy halkymyzyň suwa kän ähmiýet berenligine
güwä geçýär. «Suw seňrikden agmak», «Suw ýaly okamak», «Suwa salma
ýençmek», «Suwuna degmek», «Agzyna suw alan ýaly bolmak», «Sesine suw
sepilen ýaly bolmak» ýaly durnukly söz düzümleri halk paýhasynyň çeperçilik
taýdan kämilligine güwä geçýär.                                                                                Nusgawy edebiýatymyzda «deňiz» sözi suw howdanyny aňladýan adalga hökmünde ulanylypdyr. Şahyrlar bu sözi çeperleşdirip göçme manyda ulanypdyrlar. Döwletmämmet Azadynyň: «Bahry-rehmetge gark etseň meni» diýen setirleri, «ýagşylyk, sahylyk deňzine gark etseň meni» diýen manyny aňladypdyr. Görşümiz ýaly, ýazuw ýadygärlikleri dilimiziň dür dänelerini öwrenmekde, ondaky dil baýlyklarynyň ösüşini yzarlamakda baý çeşme bolup hyzmat edýär.

Melike Arslanowa,
Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň himiýa-biologiýa mugallymy.