JEMGYÝET

Ertirden Türkmenabatdan Daşoguza ýolagçy uçary gatnap başlar

2022-nji ýylyň 5-nji maýyndan Türkmenistanyň içinde guralýan ýolagçy howa gatnawlarynda goşmaça ugurlar peýda bolar. Olar «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň howa gatnawlarynyň tertibine girizildi.

Oňa «Türkmenabat — Daşoguz — Türkmenabat, «Mary —  Daşoguz — Mary», «Türkmenbaşy — Daşoguz — Türkmenbaşy» ugurlary goşuldy. Täze girizilen ähli ugurlar boýunça uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylar. Türkmenabatdan Daşoguza uçuş hepdäniň anna günleri bolar. 16 sagat 50 minutda Lebap welaýatynyň merkezindäki howa menzilinde ugran uçar elli bäş minutdan soň Daşoguza gonar we 19 sagat 35 minutda yzyna gaýdar. Hepdäniň penşenbe günleri ertir sagat 8-de uçar Marydan Daşoguza ugur alar. 10 sagat 25 minutda bolsa yzyna gaýdar. Hepdäniň sişenbe günleri bolsa 8 sagat 40 minutda Türkmenbaşydan Daşoguza, 11 sagat 10 minutda bolsa Daşoguzdan Türkmenbaşa uçuş amala aşyrylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: