Ertir, 28-nji noýabrdan başlap, Lebap welaýatynda täze açylan etraplaryň telefon kodlary işläp başlar. Bu barada welaýat neşirinde berlen bildirişde aýdyldy.
Bildirişde ýazylyşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda kabul eden «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakyndaky» Karary esasynda Lebap welaýatynyň çäginde dolandyryş çäkleri üýtgedilen ilatly ýerleriň aragatnaşyk hyzmatlarynyň ugur kodlary 2025-nji ýylyň 28-nji noýabryndan aşakda görkezilýän tertipde üýtgedilýär:
1. Döwletli etrabyna +993 434 kody;
2. Garabekewül etrabyna +993 443 kody;
3. Farap etrabyna +993 448 kody.
