TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ertir Lebapda ählihalk bag ekişlik çäresi geçiriler

22-nji martda Türkmenistanda, şol sanda lebap welaýatynda hem ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: