MEDENIÝET

Ertir Lebap welaýatynda medeniýet hepdeligi başlanýar

Ertir Lebap welaýatynda medeniýet hepdeligi başlanýar. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine Aşgabat şäherinden we ähli welaýatlardan myhmanlar geldiler. Olaryň arasynda ýazyjylar, şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri bar.
Hepdeligiň dowamynda dowamynda dürli sergiler guralar, welaýatyň ýaşaýjylarynyň öňünde meşhur aýdymçylar, tans, folklor toparlary çykyş ederler. Ýazyjylar, şahyrlar bilen duşuşyklar geçiriler. Şonuň ýaly-da, çeper filmleriň ilkinji görkezilişi bolar, welaýatyň taryhy ýadygärliklerine gezelençler guralar. Žurnalistler üçin brifing ugramak hem göz öňünde tutulýar. Farap etrabynda çagalar seýilgähiniň açylmagyna hem garaşylýar.
Kerki howa menziliniň hem-de Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýüniň» açylyş dabaralary hepdeligiň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Şol gün bu ýerde ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň konserti bolar.
Däbe öwrülen medeniýet hepdeligi her ýyl welaýatlaryň birinde we Aşgabat şäherinde geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: