BILIM

Ertir Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilip başlanýar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi  2023/2024-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary seçip alyş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda saýlanylýar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry 2023-nji ýylyň 15 — 22-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Se­çip alyş sy­nag­la­ry 2023-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýär.

Se­çip alyş sy­nag­la­ry umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden ýazmaça test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan dilden söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: