Ertir futbol boýunça Lebap welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň ikinji tapgyry başlanýar

Oýunlaryň birinji tapgyrynda «A» we «B» toparlaryň içindäki toparlarynyň arasynda ýaryşlar geçirildi. «A» toparda «Farap» bilen «Demirýolçynyň» duşuşygy 5:3 hasabynda  «Farabyň» peýdasyna tamamlandy. «Çärjew» «Mirasdan» 0:2 hasabynda utuldy. «B» toparda «Derýaçy» «Amyderýany» 2:1 hasabynda utdy, «Garagum» bolsa «Köpetdagdan» 7:2 hasabyna üstün çykdy.

Ikinji tapgyrda «A» toparda «Farap» bilen «Miras», «Çärjew» bilen «Demirýolçy», «B» toparda «Derýaçy» bilen «Köpetdag», «Garagum» bilen «Amyderýa» duşuşarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector