BIZE YAZYARLAR

Erkin ykdysady zolak – Awaza

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyly”Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan-bedewbatly at-myradyň mekany”diýip atlandyrdy. Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenarýakasy örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan ekologik taýdan arassa zolakdyr. Häzirki wagtda Awazanyň meýdany 1,700 gektar möçberinde kesgitlenildi. Şeýle hem ilkinji nobatda gurluşygy alnyp barylmaly 90 sany ýer ülüşleriniň sanawy we möçberi tassyklanyldy. Olaryň arasynda täze howa menzili toplumyny, «Awazany» howa menzili bilen birikdirýän awtomagistraly, kuwwatly gaz turbina elektrobekedini, suw süýjediji we arassalaýyş desgalary, suw geçiriji ulgamy gurmak ýaly işler bar. Şeýle hem iş meýilnama laýyklykda, Türkmenbaşy şäherinde suw üpjünçilik we lagym sorujy bekedini döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bir söz bilen aýdanyňda uzak möhletleýin ösüşe niýetlenen häzirki zaman inženerçilik-kommunikasiýa infrastrukturasyna degişli ähli zatlar göz öňünde tutuldy. Dürli ýurtlaryň we şäherleriň tejribesi erkin ykdysady we dynç alyş zolaklarynyň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýändigini, şol sebitiň we tutuş ýurduň ösmegine kuwwatly itergi berýändigini görkezýär. Şonuň üçin Prezidentimiz bu ajaýyp Türkmenbaşy şäherini we Hazaryň kenarýakasyny öz içine alýan erkin ykdysady zolagyny döretmek hakynda Karar kabul etdi.
Dünýäde erkin ykdysady zolaklaryň 25-den gowrak görnüşi hereket edip, olaryň umumy sany 2000-e golaýdyr. Olaryň arasynda gümrük erkin zolaklary, paçsyz zolaklar, erkin daşary ýurtlara haryt çykarmak boýunça önümçilik zolaklary, erkin telekeçiligiň ykdysady zolagy, tehniki ykdysady ösüş zolagy, ylmy-senagat parklaryny (tehnoparklary) we birnäçe beýleki erkin ykdysady zolaklaryň görnüşlerini mysal getirip bolar. Halkara tejribesinde erkin ykdysady zolaklar örän giňden ulanylýar. Mysal üçin, gümrük erkin zolaklarynda önümçiligi ösdürmäge amatly şertler döretmek üçin söwda erkinligi berilyär. Bu bolsa, ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýle ýagdaý Wengriýada has meşhurlyk gazandy, bu ýerde 2000-nji ýylda 126 sany şeýle zolak hasaba alyndy.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde Hytaý Halk Respublikasynyň tejribesi has üstünlik gazandy. Bu Respublikada maýa goýujylara giň meýdanlar we 50 ýyllyk möhlet bilen zolaklar ulanmaga berilýär. Şu ýagdaýda daşary ýurt we ýerli maýa goýujylar işini giňeltmäge, uzak möhletiň dowamynda peýda almaga we ykdysady zolaga köp möçberde serişdeleri gönükdirmäge mümkinçilik gazanýarlar.

GURBANDURDYÝEWA Oguljennet,
Halkara senagatçyalar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
103-nji okuw toparynyň talyby.