SPORT WE SYÝAHAT

Erkin göreş boýunça welaýat birinjiligi geçirildi

Çärjew etrabyndaky 1-nji sport mekdepde erkin göreş boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Saýat, Dänew we Darganata etraplaryndan 2009—2010-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň 200-e golaýy gatnaşdy.

Tutluşyklar ýaş pälwanlara öz ussatlyklaryny ýüze çykarmaga uly mümkinçilik açdy. Dürli agram derejeleri boýunça geçirilen ýaryşyň dowamynda türkmenabatly türgenler üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň 29-syna mynasyp boldular. Şeýlelikde welaýat merkeziniň topary toparlaýyn birinji orny eýeledi. Toparyň düzüminde Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiň türgenleri çykyş etdiler. Çärjew we Saýat etraplarynyň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: