Состоялось первенство Лебапского велаята по вольной борьбе
- UNCATEGORIZED

Erkin göreş boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde gyzlaryň arasynda erkin göreş boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde geçiren çäresine Türkmenabat şäherinden, Dänew, Saýat, Çärjew etraplaryndan pälwanlar gatnaşdylar.

Üç gün dowam eden tutluşyklara jemi 100-e golaý pälwan gatnaşyp, olar öz aralarynda 45 kilogramdan 76 kilogram we ondan artyk agram derejelerinde çenli güýç synanyşdylar. Türkmenabatly pälwanlar ýaryşa has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Welaýat merkeziniň topary umumy utuklaryň netijeleri boýunça birinji orna mynasyp boldy. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Çärjew we Saýat etraplarynyň toparlary eýelediler. Şahsy birinjilikde birinji, ikinji we üçünji orunlary alan türgenlere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Lebap welaýatynda sportuň beýleki görnüşleri bilen bilelikde göreşi ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Dürli derejelerdäki duşuşyklar bolsa türgenlere ussatlyklaryny kämilleşdirmäge şert döredýär. Şonuň ýaly-da, şeýle ýaryşlar geljegi uly ýaşlary ýüze çykarmaga hem mümkinçilik berýär. Olarda ýeňijiler Türkmenistanyň birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Dünýä we Aziýa çempionatlarynda, birinjiliklerinde baýrakly orunlary eýelän Şirin Kubaýewa, Gülbadam Babamyradowa, Gülnar Haýtbaýewa, Zarina Saparowa we beýleki pälwanlar hem uly sporta bolan ilkinji ädimleri şeýle ýaryşlara gatnaşmakdan başlapdylar.

Erkin göreş boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi