Erkin göreş boýunça Dänew etrabynyň açyk birinjiligi geçirildi

Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa 2009 ― 2013-nji ýylda doglan türgenleriň jemi 130-dan gowragy gatnaşdy.

Olar dürli agram derejeleri boýunça güýç synanyşdylar we öz başarnyklaryny görkezdiler. 2009 ―2010-njy ýyllarda doglan türgenlerden Gahryman Ruslanow 46, Ali Haýrullaýew 55, Dawut Baýramow 60, Erkin Serdarow 66 kilogram agram derejelerinde ýeňiji boldular. 2011 ―2013-nji ýyllarda doglanlardan Usman Saparow 42, Baýrammyrat Nyýazow 46, Begzat Derýaýew 55 kilogram agram derejelerinde birinjiligi gazandylar. 

Ýaryşyň tutuş dowamynda Türkmenabat şäheriniň, Dänew we Çärjew etraplarynyň ýaş pälwanlary has üstünlikli çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector