BIZE YAZYARLAR

Ensklopediýa

Ensklopediýalar-bu köptaraply sözlükler bolup, ol bilimleriň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ensklopedik sözlükde ol ýa-da beýleki söz bilen atlandyrylan predmetler, şahslar, hadysalar barada giňişleýin maglumat berilýär. Haýsydyr bir şahs, predmet, hadysa barada gürrüň berilýän meselesi boýunça gysga ýöne çuň düşündiriş berýär.
Ensklopediýany düzmäge ylmyň dürli ugurlaryndan iň taýýarlykly alymlar çekilýär we
umumy talaba laýyklykda belli ölçegde ýazylýar. Ensklopediýa sözi grek sözünden gelip çykyp birnäçe görnüşli maglumatlaryň köplenç ýagdaýlarda alfawit yzygiderliginde ýerleşdirilip düşündirilmegidir. Ensklopediýada berilýän maglumatlar sözlükdäkilerden köpdür we düşnüklidir.
Dünýäde iň gowy we iň köp maglumaty özünde jemleýän ensklopediýa diýilip hasaba alynan bu Britan ensklopediýasydyr. Britan ensklopediýasy bu bir hususy firmanyň önümi hasaplanýar.
Ensklopediýalar dogry maglumaty ýa-da soragyň jogabyny has anyk we çalt tapmak üçin esasy maglumat çeşmesi bolup durýar. Enkslopediýa okamak adamyň ähli babatda düşünjesiniň artmagyna getirýär. Dünýä belli ensklopediýaçylaryň iň esasysy 990 maddany ýazan Diderotdyr. Häzirki wagtda dünýäde köpçülikleýin we syýasy taýdan ensklopediýalar bilen ýa-da Ensklopedizm bilen gyzyklanýarlar. Ensklopediýalar belli bir yzygiderlige görä taýýarlanyp dürli mowzuklary öz içine alyp bilýärler.

HÜMMEDOW Hangeldi,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby