BIZE YAZYARLAR

Enemiň obasy

Ak altynly atyzlar,
Möwsüme çagyrýarlar,
Eli haltaly gyzlar,
Ýygmaga howlugýarlar.

Ýaş gyzlar hem oglanlar,
Eglip pagta ýygýarlar,
Haltalary dolanlar,
Tabşyrmaga barýarlar.

Degişip hem gülüşip,
Wagty geçýär şagalaň,
Ýaglyklary gelişip,
Gül ýüzlerine gyzlaň.

Enem diýýär obadyr
Bereketiň ojagy,
Şäher bilen bäsleşer,
Nygmat doly saçagy.

Arkadagly Serdarmyz,
Obalary ösdürýär,
Gahryman Arkadagmyz,
Täze obalar gurýar.

Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň IV-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Prezidentiniň” talyp hakynyň eýesi.