BIZE YAZYARLAR

Ene…

Bu ýönekeýje üç harpdan düzülen sözüň nähili mähir-muhabbetiň, gadyr- gymmatyň mukaddesliginiň, ynsanlygynyň aňrybaş çägini tapyp bilmersiň. Ýeri-gögi ýaradan eý Rebbim Allam! Seniň yradaň bilen dörän bu mährem ynsanyň gadyr-gymmaty näçe diýseň bärden gaýdýar. Mährem eneler barada ýazmadyk şahyr-ýazyjy ýok bolsa gerek, ine şolar hem şu sözüň aňrybaş çägini tapyp bilen däldir. Men-ä bir ýönekeýje ynsan balasy, şahyram däl, ýazyjam. Sözlesem sözüm ýetmez, has bärden gaýdar. Allatagallanyň ýaradan her bir gyz maşgalasy geljekdäki-Enedir. Mährem ene çagasy dünýä inenden ogul bolsun ýa gyz bolsun yssy mähir-muhabbet bilen perişdekimin bagryna basar. Ine şol gündenem ähli alada başlanar. Ogul bolsa ony Watan goragçysy öý içiniň galasy, gyz bolsa edep-ekramly, mylaýym, işjeň, süýji sözli, her bir işiň başyna baranda başarjaň, ynsan balasyny terbiýelemegiň nähili aladadygyny diňe çeken biler. Gijeler ýatyp bilmän çagasyny huwwalaýan ene hüwdülerinde hem çagalarynyň geljekde Watan üçin, il halk üçin gerekli adamlar bolmagy, geljegiň aňrybaş häsiýetlerini özlerinde jemlemegi başarmaklaryny arzuwlaýan Ene-dälmi. Umuman dünýä inen çaganyň ýeke-täk perişdesi biziň Enelerimizdir. Ene öz çagasyny mähir muhabbet bilen gurşap alar. Çagasy uly adam bolanda hem edil däbşenekläp ýatan çaga ýalydyr. Çaga ene üçin elmydam çagadyr.

Eje janym mähribanym jan enem,

Sen meniň ýüregimiň ýarysy enem.

Seniň mähriň bilen ulaldym ösdüm

Sen meniň ýüregimiň barysyň enem.

Ene-seni ýaradan Allama şükür!

Men nirde bolsam hem ýüregim sende

Seniň mähriň seniň yradaň bilen

Eşretli günlere ýetenime şükür!

Enelere şöhrat bolsun jan bolsun! Hormatly Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly:

Enä- tagzym- Mukaddeslige tagzym!

Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň

okuwçysy Şahnoza Azizowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: