BIZE YAZYARLAR

Ene Ýer ― umumy gymmatlygymyz

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde Halkara Ýer
güni mynasybetli «Ýeriň güni» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Mekdebiň inlis, rus we nemes
dilleri mugallymlarynyň guramagynda geçirilen maslahata Baş bilim müdirliginiň hem-de şäheriň
umumy bilim berýän orta mekdepleriniň daşary ýurt dillerinde ders berýän hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahat mekdep müdiri Akgül Hümmedowa bilen müdiriň okuw işleri boýunça orunbasary Arzuw
Erlekowanyň açylyş çykyşlary bilen başlady. Ekologiýanyň arassaçylygyny gazanmak, daş-töweregi
goramak ýaly terbiýäni ýaş nesle ýetirmek maksady bilen geçirilen maslahatda hünärmenleriň hem
çykyşlaryna giň gerim berildi.
Maslahatyň çäklerinde mekdebiň mugallymlary ýokary synp okuwçylary bilen açyk sapaklary hem
guradylar. Olaryň daşary ýurt ýazyjylarynyň ertekileriniň esasynda alyp baran sapaklary myhmanlarda
uly täsir galdyrdy. Okuwçylar sapaklarda «Danko barada rowaýat», «Jadyly planeta», «Wasiliý
Týorkin» atly mowzuklarda çykyş etdiler.
Maslahat «Diller ― dostluk köprüsi» atly sapakdan daşary baýramçylyk çäresine utgaşdy.
Okuwçylaryň baýramçylyk çykyşlary olaryň dünýä dillerini göwnejaý özleşdirýändiklerini görkezdi.
Maslahat daş-töweregiň arassaçylygyny gazanmakda, ekologiýamyzy goramakda we olary ýaş nesliň
aňyna ýetirmekde peýdaly çykyşlara baý boldy. Gatnaşyjylar şeýle asuda, bagtyýar zamanany peşgeş
beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun
aýtdylar.

Gözel HOJAMYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.