Döwletimiz tarapyndan çagalaryň sagdyn iýmitlenmegi, olaryň kadaly ösüşi üçin uly aladalar edilýär. «Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak» hakyndaky Kanundan gelip çykýan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde uly üns berilýän meseleleriň biri hem çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmekdir. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň çaganyň kadaly ösmegine, şol bir wagtda bolsa enäniň saglygyna oňat täsirini ýetirýändigi barada biz lukmanlar gelinleriň hamylalyk döwründe yzygiderli düşündirýäris.
Ýaş çaga üçin ene mährinden, ene süýdünden wajyp hiç zat ýokdur. Ene süýdünde, ylaýta-da, çaga doglandan soňky ilkinji günlerde bölünip çykýan owuz süýdünde dürli kesellere garşy göreşi üpjün edýän immunoglobulin örän köp mukdarda saklanýar. Dünýä inen ilkinji sagatlarynda owuz süýdünden ganan çaganyň bütin ömrüniň dowamynda dürli kesellerden, ýokançlardan ygtybarly goralmaga mümkinçilik alýandygy, owuz süýdünde çaganyň kadaly ösüşi, immunitetini berkitmek üçin zerur bolan antitelalaryň, beloklaryň, ýaglaryň, aminokislotalaryň, witaminleriň we beýleki maddalaryň gaty köp mukdarda saklanýar.
Ene süýdi bilen iýmitlendirilen çaga hem sagdyn ösýär. Çünki ene süýdi ýokumlylygy bilen çagany içgeçme, iglemek, ýürek-damar ulgamynyň, dem alyş ýollarynyň kesellerinden, gulak ýokançlaryndan goraýar. Ene süýdi çaganyň nerw ulgamynyň işjeňligini hem kadalaşdyrýar. Akyl taýdan kemislik bu çagalarda gabat gelmeýär. Ilkinji 6 aýyň dowamynda ene süýdüni emýän çaga üçin garyndylary, suwy we beýleki iýmitleri bermek zerurlygy aradan aýrylýar.
Emeli garyndylar bilen iýmitlendirilen çaganyň bedeni gowşak, kesellere garşy göreşijilik ukyby pes bolýar. Şol sebäpden hem emeli iýmitlendirilen çaga häli-şindi näsaglaýar, allergik täsirlere sezewar bolýar. Şonuň üçin çaga dogrulýan bölümleriň lukmanlarydyr göbek eneleri hem ene süýdüniň ähmiýeti barada giňişleýin düşündirip, çagany doglandan ilkinji 30 minudyň dowamynda ene süýdi bilen iýmitlendirmäge kömek edýärler. Ene bilen çagany bir otagda ýerleşdirip, enelere dünýä inen perzentlerini gije-gündiz, islän wagty emdirmäge mümkinçilik döredýärler.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren eziz Gahryman Arkadagymyza, Arkdagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.
Mamagül Rahmedowa,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkoginekolog lukmany.