BIZE YAZYARLAR

Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak» hakyndaky Kanundan gelip çykýan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döwlet derejesinde uly üns berilýän meseleleriň biri hem çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmekdir. Ene süýdi bilen iýmitlendirme täze doglan çaga üçin iň oňat iýmit bolup, onuň immunitetini oňat berkidýär. Bäbekleriň agalaba bölegi üçin ene süýdi ilkinji 6 aýyň dowamynda iň gerekli iýmitdir. Eneleriň köpüsi öz çagasyny 6 aýdan soň hem emdirmegi dowam edip, oňa goşmaça iýmit berip başlaýarlar. Çaganyň ýygy-ýygydan emdirmek süýdüň göwse köp inmegine ýardam berýär. Göwrelilik we çaga dogrumdan soňky döwürde dogry iýmitlenmek hem süýdüň ýeterlik mukdarda bolmagyna ýardam berýär.

Çaga bedeniň kadaly ösmegi üçin, onuň ilkinji we soňky tapgyrlardaky süýdi emmegi juda wajypdyr. Bäbegi emdirmeklik şu aşakdaky tapgyrlara bölünýär: Owuz süýdüniň inýän döwri adatça dogrumdan soňky ilkinji 3-4 günüň dowamynda bolup geçýär. Şu döwürde ene süýt mäzleriniň süýtden dolmasyny duýmaýar. Owuz süýdi örän az mukdarda emele gelse-de, ol çagany doýurmak üçin ýeterlikdir.

Çaga üçün ene süýdünden peýdaly we gymmatly önümiň ýoklugy bireýýäm subut edildi. Çagany ene süýdünden kesip, emeli süýt bermek – düýbünden ýalňyş çemeleşmedir. Çaga niýetlenen emeli süýt önümleri, ýokary tehnologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän hem bolsa, hiç haçan düzümi boýunça ene süýdüne meňzäp bilmez. Çünki ene süýdi her çaganyň talaplaryna, ýaşyna görä düzümini üýtgedip durýar. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar:

Ýokanç kesellerden, aşgazan-içege we dem alyş ulgamynyň kesellerinden, peşew çykaryş ýollarynyň ýokançlyklaryndan, gulak sowuklamasyndan, allergiýalardan, demgysma, ekzema ýaly kesellerden goragly bolýarlar. Kesellere garşy sanjymlary hiç hili kynçylyksyz, gaýraüzülmesiz alýarlar.

Dişleriň nädogry ösmegi, görejiň kütelmegi, ragyň käbir görnüşleri, gan basyşyň ýokarlanmagy we ýürek keselleri ýaly näsazlyklara az duçar bolýarlar.

Eneleri bilen hemişe fiziki we ruhy ýakynlykda bolýarlar. Şeýle ýakynlyk çaganyň nerw we endokrin ulgamynyň işjeň işlemegine, beden agzalarynyň kadaly ösmegine ýardam berýär. Akyl taýdan has ösen bolýarlar we okuwy ýeňil özleşdirýärler. Dürli üýtgeşmelere çalt uýgunlaşýarlar. Şähdaçyk, mähirli, şadyýan bolýarlar.

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň diňe bir çaganyň saglygyna däl, enäniň saglygyna-da peýdalydygyny bilmek möhümdir! Çagasyny öz süýdi bilen iýmitlendirýän enelerde süýt mäzleriň we ýumurtgalyklaryň ragynyň döreme howpy azalýar. Süýji keselli aýallar emdirende, olara bejergi üçin insuliniň az mukdary gerek bolýar.

Ene süýdüniň emele gelmesi indiki 6-8 hepdäniň dowamynda amala aşýar. Dogrumdan soň 3-5-nji günler aralygynda enede “geçiş döwrüniň” süýdi emele gelip, ol 10-15 günden “kämil” süýde öwrülýär. Bu döwrüň uzynlygy her bir ene üçin özboluşly bolup, ene süýdi çagasynyň bedeniniň talaplaryna laýyklykda özgerýändir. Bu döwüde enäniň göwüsleri süýtden dolup, käwagt agramdan ýaňa agyryp hem bilýär.

Emdirilmäniň erkin tertibi ene süýdüniň köp emele gelmegine we onuň çaganyň bedeniniň talaplaryny kanagatlandyrmaga ýardam berýändir.

Häzirki wagtda ene süýdi bilen iýmitlendirmek tutuş ýurtda umumy kabul edilen tejribe bolup, maşgalalar ýaşlara çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýärler. 2009-njy ýylda “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda” kanun kabul edildi. 2016-njy ýylda Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň maslahatlaryna laýyklykda bu kanuna üýtgeşmeler girizildi. 2006-njy ýyldan bäri, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň derejesi 11%-den 59%-e çenli artdy.

Ene süýdi – bäbek üçin diňe bir iň gowy iýmit bolman, eýsem, geljekde ýüze çykyp biläýjek dürli keselleriň öňüni almakda hem güýçli serişdedir. ÝUNISEF-iň maglumatlaryna görä, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmeklik bäş ýaşa çenli çagalaryň 820 müňüsiniň ömrüni halas edip biler. Çünki ene süýdi kesellerden goraýan antitelalara baýdyr. Ene süýdi bäbejikleriň beýnisiniň ösüşine ýardam edýär, ýokanç kesellerden goraýar, semremek howpuny azaldýar.

Türkmenistanda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine aýratyn üns berilýär. Muňa aýdyň subutnama hökmünde ýurdumyzda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça milli maksatnamanyň ornaşdyrylmagyny bellemek bolar. Ony durmuşa geçirmek üçin Enäniň we çaganyň saglygyny goramak barada ylmy-kliniki merkeziň binýadynda Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça merkez döredildi.

Enäniň çagany dogry we sagdyn ösdürip ýetişdirmegi üçin hem biziň ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Işleýän zenanlarymyza çagasy bellibir ösüş derejesine ýetýänçä tölegli zähmet rugsadynyň berilmegi, çaganyň ene süýdi bilen doly derejede üpjün edilmegine ýardam berýän ýeňillikleriň döredilmegi ata Watanymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan nesillerimiz üçin nähili uly alada edýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Orunbaýewa Muhabbat

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: