BIZE YAZYARLAR

Ene sagdyn ― nesil sagdyn

Şu ýyl kabul edilenine 30 ýyl dolýan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň saglygy baradaky alada biziň her birimiz, aýratyn-da, lukmanlar üçin möhüm wezipe bolup durýar. Munuň üçin ýaş enäniň hamylalyk döwründen üns-alada bilen gurşalmagy, geljekde ene boljak zenanyň özüniň-de dünýä injek perzendiniň saglygy barada aladalanmagy möhümdir.
Ýagny ene hamylalyk döwründe hemişe sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli, witaminlere baý önümleri yzygiderli kabul etmeli, işjeň hereketde bolmaly, gün tertibini dogry guramaly. Bularyň ählisi çaganyň we enäniň saglygy üçin wajyp ähmiýete eýe. Ýaş eneleriň beden we ruhy taýdan hem taplanmagy üçin belli
bir wagt gerek. Bu babatda maşgala agzalarynyň ýakyn ýardamçy bolmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Ýaş ene bilen bäbegiň dogry guralan gün tertibi, iýmit önümlerini talabalaýyk kabul etmekleri immun ulgamynyň sazlaşykly işlemegini üpjün edýär.
Ýaş ene gowy we dogry iýmitlenýän bolsa, öňüni alyş mukdarynda ýod we D witamininden başga goşmaça goşundylar gerek däl. Bäbegi ene süýdi bilen iýmitlendirmek örän köp energiýany talap edýär, ýagny zenan maşgala ene süýdüni öndürmek üçin ortaça 500 — 600 kkal sarp edýär. Bu ýerde beloklaryň, ýaglaryň we uglewodlaryň toplumy hem möhümdir. Ýaş ene hökman berhiz saklamaly diýilýän düşünje düýpgöter ýalňyş, sebäbi lukman tarapyndan aýratyn bellik bolmasa, iýmitlenişde et önümleri, miweler we gök önümler bolmalydyr. Çaga emdirýän enä şöhlat önümleri, süýjüler we ýarym taýýar önümler ýaly düzüminde köp mukdarda konserwantlar bolan iýmitler maslahat berilmeýär. Ýaş enäniň iýýän önümi kadaly, ýagny beloklaryň, uglewodlaryň we ýagyň bellenen gatnaşygynda bolmaly.
Ýaş enelere, belli bir wagtdan soňra, pasyllaryň aýratynlyklaryna görä, bäbekleri bilen arassa howada gezim etmek maslahat berilýär. Bu bedende D witamininiň özleşmegine getirýär. Bedende özleşmegi üçin onuň iýilýän iýmit önümlerinde ýeterlik bolmagy zerur. D witamini ýumurtganyň sarysynda, petruşkada, balykda, balyk ýagynda hem-de işbilinde, peýnirde, süýt we süýt önümlerinde, gaýmakda bolýar. D witamini antirahitik serişde bolup, bedende fosfor, kalsiý alyş-çalşyny kadalaşdyrýar.
Beden üçin witaminleriň her biriniň öz ornunda peýdasy bolup, olary iýmit önümlerinde dogry kabul etmek zerurdyr. Bu bolsa immun ulgamynyň berk bolmagyna we sazlaşykly hereket etmegine ýardam berýär.
Enäniň saglygy — çaganyň saglygy. Sagdyn nesiller bolsa biziň sagdyn geljegimizdir.

Gunça MAMYŞEWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
merkeziniň kardiologiýa bölüminiň lukmany.