Welaýat «Ene mähri» merkezinde «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäre geçirildi. Zähmetkeşler üçin howpsuz hem-de amatly iş şertlerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen guralan çärä merkeziň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çärede iş ýerlerinde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň düzgünleri hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edildi. Hünärmenler zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş we dikeldiş çäreleriniň, şeýle-de howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilmeginiň işleriň ilerlemeginde möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Çäräniň dowamynda özara sowal-jogap alşyldy.
«Ene mähri» merkezinde zähmeti goramak boýunça çäre geçirildi
20
Apr

