TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Ene mähri» hormatly ady zenanlara nähili ýeňillikleri berýär?

2008-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakyndaky Kanun hem bu asylly ýörelgeleri döwlet derejesinde berkidýän möhüm resminamalaryň biridir.
Kanuna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýelerine şu aşakdaky ýeňillikler we döwlet goldawlary üpjün edilýär:
• Birwagtlaýyn pul baýragy — döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 10 essesi möçberinde bir gezeklik pul tölegi.
• Her aý goşmaça pul tölegi — enäniň pensiýasynyň (ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa we toplaýyş pensiýasyndan başga), şeýle hem çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň ýa-da döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde goşmaça hak.
• Diş protezleri hyzmatlary — Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna mugt edilýär.
• Jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak — jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden mugt peýdalanmaga hukuk berilýär (taksiden başga).
• Kommunal hyzmatlar boýunça ýeňillikler — enäniň özüne hem-de onuň bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna:
suwdan,
tebigy gazdan,
elektrik energiýasyndan,
ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan
mugt peýdalanmaga mümkinçilik döredilýär.