BIZE YAZYARLAR

Ene dili we edebi miras — milli ruhuň gözbaşy

Ene dili milletimiziň ruhy hazynasy, biziň milli mertebämizdir. Türkmen dili we edebiýaty dersini okatmak diňe bir diliň düzgünlerini öwretmek däl, eýsem ýaşlaryň ganyna siňen milli ruhy, pederlerimizden miras galan asylly ýörelgeleri olaryň kalbynda janlandyrmakdyr. Biz sapaklarymyzda her bir sözüň gadyryny, dilimiziň baýlygyny we çeperçiligini okuwçylaryň aňyna ýetirmäge çalyşýarys. Sebäbi öz ene dilini söýýän we ony kämil bilýän ýaşlar öz halkyna, Watanyna hakyky sarpasy bar bolan kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler.
Edebiýat sapaklarynda akyldar şahyrlarymyzyň, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Kemine ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini öwrenmek ýaş nesliň dünýägaraýşynyň baýlaşmagyna uly ýardam edýär. Şahyrlarymyzyň eserlerindäki ynsanperwerlik, ulylara hormat, agzybirlik we mertlik ýaly gymmatlyklar okuwçylar üçin durmuş mekdebidir. Biz döwrebap usullardan peýdalanyp, edebi gahrymanlaryň keşpleri arkaly çagalaryň kalbynda ýagşylyga bolan höwesi oýarýarys. Çeper okaýyşlar we edebi-sazly çäreler bolsa talyplaryň söz baýlygyny artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň döredijilik ukyplarynyň ýüze çykmagyna şert döredýär.
Häzirki wagtda ene dilimiziň döwlet derejesindäki mertebesiniň beldentilmegi we milli edebiýatymyzyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy biz — mugallymlary has-da ruhlandyrýar. Mekdeplerimizde döredilen döwrebap şertler, sanly ulgam arkaly elýeterli bolan elektron sözlükler we edebi çeşmeler sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrýar. Biz geljekde-de ene dilimiziň sarpasyny belent tutýan, nusgawy edebiýatymyzyň dürdänelerini özüne hemra edinen, milli ruhly ýaşlary ýetişdirmek ugrunda ähli ukyplarymyzy gaýgyrmarys.

Rozygül ALLAMYRADOWA,
Farap etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.