YKDYSADYÝET

«Enaý» her gün 2 müň buzgaýmak öndürýär

Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Garamahmyt geňeşliginde ýerleşýän «Enaý» süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanasynda her günde süýji tagamly buzgaýmaklaryň 200—300 kilogramy, ýagny, 1600-den 2000-e çenlisi öndürilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jümägül Annaýewa degişli bolan bu hususy önümçilik 2010-njy ýylda açyldy. Süýt önümlerini öndürýän kärhana Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, önümçilik doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Buzgaýmak önümçiliginde zerur bolan esasy çig mal, ýagny, süýt şol çäkdäki obalardan satyn alynýar. Bu ýerde

«Enaýda» her ýylyň mart — sentýabr aýlarynda iş möwsümi has-da gyzgalaňly bolýar. Şol döwürde, ortaça, 260 müň manatlykdan gowrak buzgaýmak taýýarlanylyp, ilata hödürlenilýär. «Bally dünýä» atly maşgala üçin niýetlenilen ýarym kilogramlyk wanil tagamly, şokolad örtükli buzgaýmaklar bolsa häzirki wagtda iň geçginli doňdurmalaryň hatarynda tanalýar. «Enaýda» öndürilýän «Nurly», «Seniň üçin», «Zümerret», «Garlawaç», «Näzli», «Yhlas» ýaly süýji tagamly buzgaýmaklaryň hem hyrydarlarynyň sany barha artýar.

Bu ýerde buzgaýmaklaryň 21 görnüşi öndürilip, hususy kärhananyň ýörite sowadyjyly ulaglary arkaly Aşgabat şäherine we beýleki welaýatlara-da ugradylýar. Şeýle-de «Enaý» önümlerini ýerleýän müşderileriniň söwda nokatlaryny sowadyjylar bilen hem üpjün etmek işlerini berk ýola goýupdyr. Ýeri gelende belläp geçsek, hususy kärhanada önümleriniň hil derejesini dünýä ülňülerine laýyklykda barlaýan ýörite barlamhana hereket edýär.

«Enaýyň» ýolbaşçysy geljekde önümçiligiň gerimini barha giňeltmegi we süýt önümleri bilen bir hatarda un önümlerini öndürýän hususy kärhanany açmagy meýilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: