DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Emeli intellekt synaglaryny bes etmek teklip edilýär

Ilon Mask «Apple»-iň esaslandyryjysy Stiw Wozniak we başga-da 1100 sany professor, inženerler we gözlegçiler emeli intellekt boýunça tejribeleriň bes edilmegini islediler. Olar emeli intellektiň adamzada howp salmagyndan gorkýarlar.

Degişli ýüz tutma haty «Future of life Institute» telekeçilik däl guramasy tarapyndan neşir edilip,  IT pudagynyň köp sanly tanymal şahsyýetleri tarapyndan gol çekişildi. Olaryň hemmesi pudak üçin umumy howpsuzlyk protokollary we ülňüleri işlenip düzülýänçä, emeli  intellektiň ösüşinde «arakesme» bermäge çagyrdylar. Hata gol çekenler emeli intellektiň önümleriniň «jemgyýet we adamzat üçin çynlakaý howp döredip biljekdigine» ynanýarlar.

Soňky aýlarda işläp düzüjiler biri-birinden üstün çykmak üçin we «hereketlerine özleri doly düşünip  we dolandyryp bilmeýän has güýçli modelleri» döretmäge synanyşdylar. Hata gol çeken hünärmenler we pudak ýolbaşçylary, umumy howpsuzlyk protokollary ýerine ýetirilýänçä, synanyşyklaryň togtadylmalydygynyň tarapynda. Eger emeli intellekt önümlerini döredijiler alty aýlyk dynç alyşy özbaşdak gurnap bilmese, hökümetiň muňa aralaşmagy gerekdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: