Sungatyň taryhynda ilkinji gezek emeli intellekt çeper eser döretdi. Nikolaý Ironow — Artýomiý Lebedewiň studiýasynyň neýrosetini şeýle atlandyrýarlar — Imperator farfor zawodynyň täze önümi üçin bezeg döretdi. Bu barada «Российская газета» ýazýar.
Nikolaý Ironowyň çeken suratlary örän ýönekeý. Käbir ýerde ol çüýşäni çekdi, käbir ýerde — haýwanlary. Artýomiý Lebedewiň pikirine görä, neýroset mundan beýläk kämilleşdiriler we tizlikde biz döwrümiziň täze obrazlaryny görüp bileris. Şeýle alnanda, biz häzir dagyň gowaklarynda ilkidurmuş adamlarynyň çeken suratlaryny, ýa-da, mysal üçin, Aristofonyň komediýasyny görýäris. Edil şolar ýaly, häzir Nikolaý Ironow şu günler özi üçin uly geljegi bolan döredijilik geljegine ýol açýar.