BIZE YAZYARLAR

Elepbiý ýa-da Alfabit

Alfabit sözi grekleriň elepbisindäki ilkinji Alfa we Betta (A we B) harlaryň goşulyşyp aýdylmagyndan emele gelen söz bolsa, Türkmen dilimizdäki Elepbiý sözi araplary Elif we Be (A we B) harplarynyň goşulyşmagynyň netijesindedir. Türkmen diliniň harplary ýa-da türkmen elepbisi 1993-nji ýylda latyn grafikasyna düzülip taýýarlanan bolup ol 30 harpdan ybaratdyr.
Häzirki döwürde biziň hat-ýazuwymyzda ulanýan, okamak üçin peýdalanýan harplarymyz Fenike elepbisine degişlidir. Käbir ýazuw agtaryjylaryň we taryhçylaryň pikirlerine görä Fenikelileriň harplarynyň hem gelip çykyşy gadymy Müsür ýazuwlaryna esaslanypdyr. Fenikeliler Müsürlilerden tapawutlylykda her sesi bir harp bilen belgiläpdirler.
Fenike diýilip atlandyrylan dünýäniň iň ilkinji döredilen elepbisi Italiýanyň Toskana şäherinde gazuw agtaryş işleri geçirelende tapylypdyr. Kazim Mirşan tarapyndan geçirilen gazuw agtaryş işinde Fenikeliler ýazgy ýazmak üçin tekiz bir daşyň ýüzlerinde peýdalanypdyrlar we olaryň döreden elepbisi 22 harpdan ybarat bolupdyr. Fenikelileriň Alef diýip atlandyran A harpy araplarda Elif harpyna
öwrülendir. Greklerde bolsa birnäçe wagtdan soň Alfa harpy döräpdir. 350 ýyldan soň bu harplar Italiýaly  Rimlilere gelip gowuşypdyr we häzirki wagtda peýdalanýan latyn elepbisine ýakyn şekillere getirildi diýilip aýdylýar.
Häzirki zaman bilimleriniň, alymlarynyň çaklamalaryna görä ýazuw gadymy Müsürliler tarapyndan döredilipdir. Ýazuw döredilenden soň birnäçe wagtdan soň Elepbiý ýa-da harplar döräpdir.

MURADOWA Gülçynar,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: