Dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan Lebap welaýat kitaphanasynda, gaznadaky kitaplary
elektron görnüşe geçirmekde, kitaplary skaner etmek boýunça işleri yzygiderli alyp barýar. Esasanam
köp soralýan kitaplar ýagny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
jöwher paýhasyndan dörän eserleri, çeper eserleri, ülkämize degişli kitaplaryň elektron nusgalaryny
döredýär. Şeýlede kitaphana işiniň kämilleşmegi, okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak,
okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny
ornaşdyrmak, kitaphanalarda işi döwrebap guramakda uly işler alnyp barýar.
Şeýle ajaýyplyklaryň sakasynda duran ylyma-bilime, kitaplara sarpa goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Elektron kitaplar elektron dünýä, munda geljegimiziň ylmy görünýär

12
Mar